HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pekinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet gullukçylary üçin okuw maslahatlary geçirilýär

Oktýabr 11, 2025 | 18:30 |14913
Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde oktýabr aýynyň 10-yndan 30-y aralygynda döwlet dolandyryş ulgamynda zerur bolan ukyp-başarnyklar, bu ulgamdaky wajyp wezipeler, dolandyryş usullary kämilleşdirmek baradaky gysga möhletli okuw maslahatlary geçirilýärHalk Respublikasynyň Pekin şäherinde oktýabr aýynyň 10-yndan 30-y aralygynda döwlet dolandyryş ulgamynda zerur bolan ukyp-başarnyklar, bu ulgamdaky wajyp wezipeler, dolandyryş usullary kämilleşdirmek baradaky gysga möhletli okuw maslahatlary geçirilýär
Çeşme: Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy

Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde oktýabr aýynyň 10-yndan 30-y aralygynda döwlet dolandyryş ulgamynda zerur bolan ukyp-başarnyklar, bu ulgamdaky wajyp wezipeler, dolandyryş usullary kämilleşdirmek baradaky gysga möhletli okuw maslahatlary geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyndan hem wekiller gatnaşýar. Gysga möhletli okuwlaryň esasy diňleýjileri döwlet gullukçylary bolup, olardan ýerli öz-özüni dolandyrş edaralarynyň hünärmenleri, kanun çykaryjy edaralaryň wekilleri, jemgyýetçilik pudagynyň (uniwersitetler, medeniýet guramalary we ş.m.) hem-de ykdysadyýetiň jemgyýetçilik böleginiň wekilleridir.

Bu okuw maslahatlarynda döwlet edaralarynyň düzümi we olaryň wezipeleri, döwlet gullugynyň ýörelgesi, öz-özüňi kämilleşdirmek, wagty tygşytlamak ýa-da wagty dolandyrmak, emosional intellekt, işewür etikasy, sanlaşdyrma we emeli intellekt, şäher häkimlikleriniň durnukly ösüşi, köpçüligiň öňünde çykyş etmek ukyplary we halkara protokoly ýaly ugurlar boýunça giň gerimli maslahat okuwlary geçirilýär. Şeýle hem, nazary bilim bilen birlikde amaly okuwlar, tegelek stol söhbetdeşlikleri göz öňünde tutulan.

Maksatnamanyň ähmiýeti bu giň döwletara hyzmatdaşlyga goşant goşmaga taýyn ýokary hünärli ýolbaşçylary taýýarlamak işinde wajyp orun tutýar.

Ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamynyň netijeli hereket etmeginde, döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna uly orun degişli. Bu bilim edarasy ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän döwlet gullukçylaryny, hünärmenleri gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, magistr maksatnamasy boýunça okatmak, döwlet dolandyrylyşynyň ylmy we usulyýet binýadyny döretmek ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Döwlet dolandyrylyşy çygrynda daşary ýurtlardaky ugurdaş akademiýalar bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar, olardan Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýäniň we Russiýa Federasiýasynyň degişli akademiýalaryny mysal edip bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Merkezi Aziýa ýurtlary Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Merkezi Aziýa ýurtlary Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

17:53 Oktýabr 09, 2026
Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 08, 2026
Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

20:00 Oktýabr 08, 2026