HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bern: Türkmenistan we Şweýsariýa ikitaraplaýyn dialogyň ýokary depginini saklaýarlar

Oktýabr 10, 2025 | 01:44 |13845
Bern şäherinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Ilçi Wepa Hajiýew bilen Şweýsariýanyň Konfederasiýasynyň Daşary işler federal departamentiniň Ýewraziýa bölüminiň başlygy Ilçi Pýer-Iw Fuksyň arasynda duşuşyk geçirildiBern şäherinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Ilçi Wepa Hajiýew bilen Şweýsariýanyň Konfederasiýasynyň Daşary işler federal departamentiniň Ýewraziýa bölüminiň başlygy Ilçi Pýer-Iw Fuksyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: Permanent Mission of Turkmenistan to the United Nations Office in Geneva

Bern şäherinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Ilçi Wepa Hajiýew bilen Şweýsariýanyň Konfederasiýasynyň Daşary işler federal departamentiniň Ýewraziýa bölüminiň başlygy Ilçi Pýer-Iw Fuksyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça konstruktiw häsiýetini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş derejesine we depginine ýokary baha berdiler.

Şweýsariýa tarapy işjeň dialogy alyp barmagyň möhümdigini aýratyn belläp geçdi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynyň çäginde (Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter arasynda) Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşygy ýokary derejede gurnandygy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.

Bu, özara düşünişmegiň we iki ýurduň işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bolan isleginiň esasy subutnamasy boldy.

Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, ynsanperwer hyzmatdaşlygy, halkara ulgamynda gatnaşyklary giňeltmek we geljekki ýokary derejeli saparlary guramak meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşyk Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň özara peýdaly gatnaşyklary berkitmegiň üstünde işjeň işleýändigini tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026