HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti üç sany iri hassahananyň gurluşygy boýunça resminamalara gol çekdi

Oktýabr 09, 2025 | 02:10 |14321
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow raýatlara ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli lukmançylyk desgalarynyň gurluşygy hem-de olary ulanyşa girizmek bilen bagly resminamalaryň toplumyna gol çekdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow raýatlara ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli lukmançylyk desgalarynyň gurluşygy hem-de olary ulanyşa girizmek bilen bagly resminamalaryň toplumyna gol çekdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow raýatlara ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli lukmançylyk desgalarynyň gurluşygy hem-de olary ulanyşa girizmek bilen bagly resminamalaryň toplumyna gol çekdi.

Hususan-da, çarşenbe güni hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa tarapyndan hödürlenen resminamalara laýyklykda, Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahanasy, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi we Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanasy gurlar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäherinde döwrebap saglyk öýüniň, 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada degişli resminamalara gol çekdi.

Mundan başga-da, Aşgabat şäherinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatynyň geçiriljekdigi barada habar berildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026