HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze Düzgünnama halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanalarynyň işini işjeňleşdirer

Oktýabr 09, 2025 | 03:37 |14346
Oktýabryň 8-ne, çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde kabul edilen esasy çözgütleriň biri – döwlet Baştutanymyz tarapyndan halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanalary hakyndaky Düzgünnamanyň tassyklanylmagy boldyOktýabryň 8-ne, çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde kabul edilen esasy çözgütleriň biri – döwlet Baştutanymyz tarapyndan halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanalary hakyndaky Düzgünnamanyň tassyklanylmagy boldy
Çeşme: orient.tm

Oktýabryň 8-ne, çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde kabul edilen esasy çözgütleriň biri – döwlet Baştutanymyz tarapyndan halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanalary hakyndaky Düzgünnamanyň tassyklanylmagy boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan 54 halkara guramanyň agzasy bolup, olaryň 19-synyň ýanynda hemişelik wekilleri bar. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, ÝHHG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara hem-de sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda yzygiderli çäreleri amala aşyrýar.

Täze Düzgünnama bu ugurdaky işiň hil taýdan täze, has gurluşlaýyn we netijeli derejä çykarylmagyny maksat edinýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň kadalaryna esaslanýan resminama Hemişelik wekilhanalaryň işiniň hem-de ygtyýarlyklarynyň düzgünlerini, hemişelik wekiliň esasy wezipelerini (derejesini, wezipelerini, maksatlaryny) anyk kesgitleýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň belleýşi ýaly, bu Düzgünnama milli bähbitleri netijeli ilerletmäge we daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Ol şu ugurlary öz içine alýar: Türkmenistanyň hem-de onuň raýatlarynyň hukuklaryna we bähbitlerine halkara derejede wekilçilik etmek we olary goramak; halkara guramalary bilen ulgamlaýyn gepleşikleri alyp barmak; Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge ýardam bermek.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026