HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa ýakyn wagtda üç döwlet bilen wizasyz düzgüni girizmegi meýilleşdirýär

Oktýabr 09, 2025 | 11:20 |21594
Ýakyn wagtda Russiýa Hytaý, Saud Arabystany we Malaýziýa bilen wizasyz syýahatçylyk düzgünini girizmegi maksat edinýär.Ýakyn wagtda Russiýa Hytaý, Saud Arabystany we Malaýziýa bilen wizasyz syýahatçylyk düzgünini girizmegi maksat edinýär.
Çeşme: honglouwawa / istockphoto.com

Ýakyn wagtda Russiýa Hytaý, Saud Arabystany we Malaýziýa bilen wizasyz syýahatçylyk düzgünini girizmegi maksat edinýär. Bu barada Premýer-ministr Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygynda geçirilen «Russiýa Federasiýasynda syýahatçylygyň ösüşi» atly strategik maslahatynda metbugat üçin taýýarlanan maglumat resminamasynda habar berilýär.

Resminamada bellenilişine görä, 2030-njy ýyla çenli Russiýa ýurduň çägine gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sanyny 11 milliona artdyryp, jemi 16 milliona ýetirmegi meýilleşdirýär.

Hytaý 15-nji sentýabrdan başlap, rus raýatlary üçin 30 günlük wizasyz gatnaşyk düzgüni boýunça bir ýyllyk synag döwrüni girizdi. Mundan ozal, 4-nji sentýabrda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň hem Hytaý raýatlary üçin şuňa meňzeş düzgüni girizjekdigini aýtdy.

Iýul aýynda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Saud Arabystany bilen wizasyz düzgüni boýunça ylalaşygyň taýýarlyk işleriniň jemleýji tapgyryndadygyny mälim etdi. Malaýziýanyň raýatlary üçin wiza düzgüni ýatyrmaga degişli meýilnamalar barada bolsa mart aýynda habar berildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026