HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ortahisar: Forbes-niň “Dünýäniň iň owadan obalary” sanawyna giren Kappadokiýanyň merjeni

Oktýabr 08, 2025 | 12:45 |16748
Ýer ýüzünde üýtgeşik “peri peçleri” we howa şarlary bilen tanalýan Kappadokiýa halkara derejesinde ýene-de bir gezek ykrar edildi.Ýer ýüzünde üýtgeşik “peri peçleri” we howa şarlary bilen tanalýan Kappadokiýa halkara derejesinde ýene-de bir gezek ykrar edildi.
Çeşme: Türkiýäniň Ilçihanasy – Medeniýet we Syýahatçylyk Bölümi

Ýer ýüzünde üýtgeşik “peri peçleri” we howa şarlary bilen tanalýan Kappadokiýa halkara derejesinde ýene-de bir gezek ykrar edildi. Sebitiň merkezinde ýerleşýän taryhy Ortahisar obasy Forbes žurnaly tarapyndan taýýarlanan “Dünýäniň iň owadan 50 obasy – 2025” sanawyna girizildi. Bu bolsa Kappadokiýanyň tebigy gözelligi we medeni mirasy bilen aýratyn tapawutlanýan sebit hökmünde derejesini tassyklaýar.

1

Ortahisar sebitdäki iň uly ýaşaýyş nokady bolan Ürgüpten bary-ýogy alty kilometr uzaklykda ýerleşýär. Oba Kappadokiýa üçin häsiýetli gaýadan ýasalyp bina edilen binagärlik, gadymy gala we howa şarlary bilen bezelen ajaýyp tebigy görnüşleriň utgaşmasydyr.

2

Forbes bu obany “bazalt asmanyň astyndaky unudylan monolit” diýip häsiýetlendirýär. Milýonlarça ýyl mundan ozal Erjiýes, Hasandag we Güllüdag wulkanlarynyň patlamalary netijesinde emele gelen ýumşak wulkanik gatlaklar ýagyş we ýel bilen şekillendirilip, Kappadokiýanyň meşhur “peri peçlerini” döretdi.

3

Obanyň merkezinde Ortahisar galasy belende galyp dur. Ol daşyndan “peri peçlerine” meňzeýän köp gatly toplum bolup, taryhçylaryň belleýşine görä, bu gala hatda het döwründe gaýadan oýulyp gurlupdyr. Galanyň içinde gowaklar, guşhanalar we labirint görnüşli geçelgeler bar.

4

Häzirki wagtda bu gala sebitiň esasy panoramaly görnüş nokatlarynyň biridir. Galanyň töwereginde däp bolan kappadokiýa binagärligi, erik satylýan daş ýodajyklar we gül ysly çaý baglary ýerleşýär.

Sebit diňe bir binagärlik aýratynlygy we tebigy täsinlikleri bilen däl-de, eýsem syýahatçylaryň ünsüni çekýän baý taryhy mirasy bilen hem tanalýar: geçen ýylda Kappadokiýanyň muzeýlerine we arheologik ýerlerine 4,37 milliondan gowrak syýahatçy baryp gördi. Bu ýerde ýerasty şäherler, gowak myhmanhanalar, spa hyzmatlary, gaýaly daglarda atly gezelençler we keramika boýunça ussatlyk sapaklary hödürlenýär.

5

Syýahatçylyk tejribesini ýerli aşhana doly tamamlaýar: meşhur toýun palçykdan ýasalan küýzelerde taýýarlanylýan miweli et tagamlary we sebitiň tüf topragynda ösdürilen üzümlerden taýýarlanylýan şeraplar dünýä belli. Ýakynda Kappadokiýa Türkiýäniň MICHELIN gollanmasyna hem girizilip, dünýä derejesindäki medeni we gastronomik ugur hökmünde abraýyny pugtalandyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026