Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Germaniýa ýokary derejeli hünärmenleri çalt çekmek üçin sanly agentligi döreder

Oktýabr 08, 2025 | 11:00 |11778
Germaniýa daşary ýurtly hünärmenleriň gelmegini we işe ýerleşmegini çaltlaşdyrmak maksady bilen Work-and-Stay Agentur atly sanly agentligi işe girizmäge taýýarlanýar.Germaniýa daşary ýurtly hünärmenleriň gelmegini we işe ýerleşmegini çaltlaşdyrmak maksady bilen Work-and-Stay Agentur atly sanly agentligi işe girizmäge taýýarlanýar.
Çeşme: Fabian Sommer/dpa/picture alliance

Germaniýa daşary ýurtly hünärmenleriň gelmegini we işe ýerleşmegini çaltlaşdyrmak maksady bilen Work-and-Stay Agentur atly sanly agentligi işe girizmäge taýýarlanýar. Bu taslama býurokratik proseduralary azaltmaga we işe alyş prosesini ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir diýip, duşenbe güni Süddeutsche Zeitung gazeti habar berdi.

Germaniýanyň zähmet ministri Berbel Basyň bellemegine görä, täze ulgam nemes iş bazaryna girişi kynlaşdyrýan dolandyryş päsgelçilikleri aradan aýyrmaga kömek eder. Täze dörediljek bitewi sanly platforma arkaly daşary ýurtly hünärmenler iş rugsatnamasyny we ýaşaýyş ygtyýarnamasyny elektron görnüşde resmileşdirip bilerler, iş berijiler bolsa resminamalaryň tabşyrylmagy boýunça prosesi yzarlamaga mümkinçilik alarlar.

1

Zähmet ministrliginiň maglumatlaryna görä, täze ulgam garaşylýan wagty gysgaldyp, işgär saýlanyşyny çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir. Kwalifikasiýaly migrasiýa baradaky kanunyň kämilleşdirilmegine garamazdan, nemes kompaniýalary henizem uzak wizaly amallar we diplomlaryň ykrar edilmegi bilen baglanyşykly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Işgär ýetmezçiligi iň köp saglygy goraýyş ulgamynda duýulýar — ýurduň çäginde garrylara we ýarawsyzlara ideg etmek boýunça takmynan 50 müň boş iş orny bar. Hünärmen ýetmezçiligi senagatda, gurluşykda, IT ulgamynda, bilimde we logistika pudagynda hem saklanýar. Elektrik, kebşirleýji, sanitehnikler we agaç ussalary ýaly tehniki hünärlerde bolsa takmynan 250 müň işçi gerek.

2

Germaniýanyň hökümeti işe alyş prosesiniň sanlylaşdyrylmagy arkaly ýurdy ýokary derejeli hünärmenler üçin has özüne çekiji etmegi we ýurduň ykdysadyýetini berkitmegi maksat edinýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026