HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Fizulide metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Oktýabr 07, 2025 | 17:50 |12861
7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fizuli şäherinde metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fizuli şäherinde metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Çeşme: president.az

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fizuli şäherinde metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Report habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, dabara Türki döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji sammitiniň çäklerinde onlaýn görnüşde geçirildi.

1

Çäräniň dowamynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew metjit gurluşygy baradaky başlangyjyň Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini belläp geçdi. Milli Liderimiz bu taslamany şu ýylyň iýul aýynda Garabaga eden sapary wagtynda teklip edipdi.

«Eziz doganym, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýul aýynda Garabaga eden saparynyň dowamynda Fizuli şäherinde Türkmenistan tarapyndan metjit gurmak teklibini berdi. Biz bu sowgady üçin doganlyk Türkmenistan döwletine minnetdarlyk bildirýäris» - diýip, Aliýew aýtdy.

2

Metjit toplumynyň meýdany bir gektardan gowrak bolar. Taslama boýunça beýikligi 40 metr bolan iki sany minaranyň we beýikligi 30 metr bolan esasy gümmeziniň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Metjitde bir wagtda 500 adama çenli namaz okamak mümkinçiligi dörediler.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň dabara gatnaşmagy Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň, özara hormatyň hem-de hyzmatdaşlygyň ösýändigini alamatlandyrýan möhüm waka boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026