HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Gabalada Ilham Aliýew bilen duşuşdy

Oktýabr 07, 2025 | 14:45 |13125
7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gabala şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gabala şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.
Çeşme: prezident.az

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gabala şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Ilham Aliýew, öz gezeginde, hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine öz salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Taraplar Azerbaýjanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen geçiren duşuşyklaryny, şol sanda şu ýylyň iýul aýynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana amala aşyran sapary barada pikir alyşdylar.

Türki döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Gabalada geçiriljek 12-nji sammitiniň ähmiýeti barada hem gürrüň edildi. Bu duşuşygyň türki döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.

Duşuşykda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berildi; halklaryň arasyndaky doganlyk däpleriniň çuňňur kökleri barada nygtaldy.

Taraplar syýasy, ykdysady, ulag, energetika, parlamentara, ynsanperwer, medeni, bilim we beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi hem-de iki ýurduň halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026