HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýä dilleri institutynyň talyplary Sukuba uniwersitetine bir ýyllyk okuw üçin ugradyldy

Oktýabr 01, 2025 | 17:30 |7932
Türkmenistan döwrüň talaplaryna laýyk ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli bilim özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýarTürkmenistan döwrüň talaplaryna laýyk ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli bilim özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýar
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistan döwrüň talaplaryna laýyk ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli bilim özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýar. Ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň tagallalarynyň netijesinde bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär.

Şu syýasatyň çäginde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetine bir ýyllyk okuw üçin ugradyldy.

Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň (mugallymçylyk taýýarlyk bölümi) bir talyby iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky Alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk Ylalaşygyna laýyklykda Ýaponiýa ugrady.

Mundan başga-da, şol bir bölümiň başga bir talyby üstünlikli synaglardan geçip, Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrligi (MEXT) tarapyndan 2025–2026-njy okuw ýyly üçin yglan edilen abraýly “Ýapon dili we ýapon medeniýeti” atly akademiki maksatnama boýunça bir ýyllyk okuw saparyna ugradyldy.

Munuň ýaly okuw we tejribe saparlary talyplara gymmatly tejribe almaga we ýurtlaryň arasynda ylmy-bilim gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär. Bu bolsa ýokary hünärli, terbiýeli we Watana wepaly hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ugur bolup çykyş edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026