HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we ÝUNISEF täze bäş ýyllyk maksatnamany işe girizýär

Oktýabr 01, 2025 | 21:30 |8356
1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Esasy maksady – ÝUNISEF-iň 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Türkmenistan hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiýasyny kesgitleýän bu bäş ýyllyk maksatnama şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan tassyklanyldy.

Taraplar häzirki zaman ählumumy we milli ileri tutulýan ugurlary görkezýän täze strategiýanyň esasy ugurlaryna ünsi çekip, hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar:

Çagalaryň irki ösüşi. Ähli çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we abadançylygyna goldaw bermek;

Inklýuziwlik. Çagalaryň jemgyýete goşulmagyny we mümkinçilikleriniň deňligini üpjün etmek;

Howanyň üýtgemegi bilen bagly gün tertibi. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnukly gurşaw meselelerini çagalara gönükdirilen maksatnamalara goşmak.

Ýaşlaryň goşulyşmagy. Ýaşlaryň ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin mümkinçilikleri giňeltmek.

Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna ÝUNISEF-iň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. ÝUNISEF-iň bu çärä gatnaşmagy, ynsanperwer diplomatiýanyň hem-de dünýädäki parahatçylyk we durnuklylyk şertlerinde çagalaryň hukuklarynyň goralmagynyň möhümdigini görkezer.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň kanuny esaslaryny has-da berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Ýurt maksatnamasynyň çäginde görkezilen ähli maksatlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

ORIENT

Tema boýunça

Ene-atalary çaganyň ösüşinde esasy kömekçä nädip öwürmeli – Aşgabatdaky okuw maslahaty

Türkmenistanyň howa gün tertibiniň merkezinde çagalar we ýaşlar

ÝUNISEF we hyzmatdaşlar ýaş öňdebaryjylar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ukybyny güýçlendirýärler

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026