HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dostlugyň binagärlik sowgady — Türkmenistan Fizulide metjidiň gurluşygyna başlaýar

Oktýabr 02, 2025 | 01:55 |9821
Türkmenistan Azerbaýjan Respublikasy bilen doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen ynsanperwerlik-binagärlik başlangyjyny amala aşyrmaga girişýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, Fizuli şäherinde metjidiň gurluşyk işlerini başlamak baradaky şertnama baglaşyldyTürkmenistan Azerbaýjan Respublikasy bilen doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen ynsanperwerlik-binagärlik başlangyjyny amala aşyrmaga girişýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, Fizuli şäherinde metjidiň gurluşyk işlerini başlamak baradaky şertnama baglaşyldy
Çeşme: Türkmen TV

Aşgabat, 2-nji oktýabr | ORIENT. Türkmenistan Azerbaýjan Respublikasy bilen doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen ynsanperwerlik-binagärlik başlangyjyny amala aşyrmaga girişýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, Fizuli şäherinde metjidiň gurluşyk işlerini başlamak baradaky şertnama baglaşyldy.

Şertnamanyň tarapy hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy çykyş edýär. Metjidiň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak ýurdumyzyň «Aga-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetiriler — bu hem Türkmenistanyň gurluşyk-binagärlik çözgütlerini halkara derejesine çykarmaga mümkinçilik berýär.

Bu başlangyç ilkinji gezek 2025-nji ýylyň iýul aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Azerbaýjana amala aşyrylan saparynyň dowamynda beýan edildi, onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen bilelikde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördüler.

Häzirki wagtda düýpli dikeldilýän Fizuli şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistandan doganlyk Azerbaýjan halkyna sowgat hökmünde metjit gurmagy teklip etdi. Bu sowgat çuňňur many-mazmuna eýe bolup, iki halkyň köpasyrlyk ruhy we medeni arabaglanyşygyny, şeýle hem Türkmenistanyň ynsanperwerlik we parahatçylygy goldamak ýörelgelerine ygrarlylygyny açyp görkezýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026