HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze kitaplar bilim berlişiň ýokary hiliniň kepili

Oktýabr 02, 2025 | 16:30 |9057
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem iňlis dili bilen gyzyklanýanlar üçin synaglara taýýarlyk görmek boýunça bilim ulgamynyň ýörite hünärmenleri tarapyndan tassyklanan «Module Exams Guide» atly täze gollanma (awtory: Myrat Mälikow) çapdan çykdyÝaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem iňlis dili bilen gyzyklanýanlar üçin synaglara taýýarlyk görmek boýunça bilim ulgamynyň ýörite hünärmenleri tarapyndan tassyklanan «Module Exams Guide» atly täze gollanma (awtory: Myrat Mälikow) çapdan çykdy
Çeşme: bilim.tm

Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem iňlis dili bilen gyzyklanýanlar üçin synaglara taýýarlyk görmek boýunça bilim ulgamynyň ýörite hünärmenleri tarapyndan tassyklanan «Module Exams Guide» atly täze gollanma (awtory: Myrat Mälikow) çapdan çykdy.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan esaslandyrylan «Module Exams Guide» atly test görnüşli gollanma iňlis dili hünäriniň talyplaryna we iňlis dilini öwrenijilere synaglary üstünlikli tabşyrmaklaryna uly ýardam eder. Bu okuw gollanmasy jogaplary bar bolan, giň gerimli hem-de CEFR (dil başarnyklaryna baha bermegi standartlaşdyrmak üçin Ýewropa Geňeşi tarapyndan işlenip düzülen halkara ulgam) ülňülerine laýyk gelýän testleri öz içine alýar. Oxford English File kitabynyň 4-nji neşiriniň mazmunynyň esasynda işlenip taýýarlanylan bu gollanmada grammatikada, leksikada hem-de sözleýişde ýüze çykýan meseleleriň üstünde durlup geçilýär.

Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň takyk ugurly dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän XI synpy üçin «Modelirleme we grafika» okuw kitaby (awtorlary: K.Udamuradowa, E.Amanow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi. Bu okuw kitaby öz öňünde okuwçylara modelirlemegiň esasy tapgyrlaryny açyp görkezmegi, olarda model pikir ýörediş ukybyny kemala getirmegi, logiki we döredijilikli pikirlenişi ösdürmegi wezipe edip goýýar.

Okuw kitabynyň «Model düşünjesi» bölümi dört bapdan ybarat. «Modelirleme» bölüminde meseläniň goýluşy, obýektleriň häsiýetnamalary, görkezijileri we olaryň arasyndaky baglanyşyklary kesgitlemek, netijeleriň degişli şerti kanagatlandyrýandygynyň barlagy boýunça tapgyrlary, «Grafiki gurşawda modelirleme», «Düzme» atly bölümlerinde grafiki gurşawda modelirleme, modelirlemede adaty geometrik serişdeleri ulanmak, düzme düşünjesi hem-de onuň obýektleri, gurluşlaryň görnüşini düzmek boýunça meseleleriň özleşdirilmegi göz öňünde tutulypdyr.

Bu beýan edilen bölümleriň mazmuny mekdep okuwçylaryna daş-töwerege aň ýetirmekde modelleriň mümkinçiliklerine göz ýetirmegi, tebigatyň we durmuşyň hadysalary bilen modeliň arasyndaky baglanyşyklara düşünmegi, belgileri peýdalanmak bilen käbir obýektleriň, prosesleriň ýönekeý modellerini gurmagy öwrenmegi, model bilen işlenende hem-de alnan netijeler teswirlenende gözleg endiklerine uýgunlaşmagy üpjün eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026