HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Sport – parahatçylygyň ilçisi": halkara maslahatda edilen çykyşlaryň gysgaça beýany neşir edildi

Oktýabr 02, 2025 | 13:29 |9124
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan **«Sport – parahatçylygyň ilçisi»** atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanynyň ýygyndysy neşir edildiTürkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan **«Sport – parahatçylygyň ilçisi»** atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanynyň ýygyndysy neşir edildi
Çeşme: education.gov.tm

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanynyň ýygyndysy neşir edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp neşir edilen «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýany Türkmenistanyň sport diplomatiýasy arkaly halkara hyzmatdaşlygyny, dost-doganlygy, ynanyşmagy we parahatçylygy pugtalandyrmak barada alyp barýan döwlet syýasatyny giňden wagyz edýär.

Ylmy ýygyndy Özbegistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Rumyniýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ylym-bilim, sport ulgamynyň wekilleriniň, professor-mugallymlaryň, alymlarynyň, tälimçileriň häzirki zaman sportunyň we sport babatdaky hyzmatdaşlygyň ýetilen ýokary derejeleri barada çykyşlaryndan ybaratdyr.

«Bitaraplyk we sport ýörelgeleri dostlugy hem-de parahatçylygy wagyz edýär», «Olimpizm filosofiýasy we sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek» we «Bedenterbiýe we sportda innowasion tehnologiýalar» ýaly temalardan taýýarlanylan ylmy çykyşlar ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, talyplaryna, sport tälimçilerine, hünärmenlerine we türgenlere, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanyny "Google Scholar" platformasyndan okap bilersiňiz.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026