HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-niň ýolbaşçylygyna gutlady

Oktýabr 01, 2025 | 08:13 |8867
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, şeýle hem ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, şeýle hem ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
Çeşme: fujian.gov.cn

AŞGABAT, 1-nji oktýabr | ORIENT. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, şeýle hem ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Baştutany gutlag hatynda HHR-niň ykdysady ösüşini we hytaý döwrebaplaşmasyny ilerletmek boýunça özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek bilen bir hatarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki ösüşine hem ünsi çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Týanszin şäherinde geçirilen ŞHG-niň sammitiniň işine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Hytaýa amala aşyran saparyna aýratyn ünsi çekdi. Döwlet Baştutany, bu saparyň netijeleriniň, şol sanda Pekindäki möhüm duşuşygyň özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze itergi boljakdygyna berk ynam bildirdi.

“Dostluk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriler” – diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň diňe bir syýasy ugur bilen çäklenmän, eýsem özara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýandygyny nygtady: ýurtlar halkara giňişlikde birek-birege özara goldaw berýärler, her ýyl söwda dolanyşygy artýar, medeni alyşmalar işjeň höweslendirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, HHR-niň ýolbaşçylygyna berk jan saglyk we alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 08, 2026
Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

20:00 Oktýabr 08, 2026
Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

18:00 Oktýabr 08, 2026