HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihasynda brifing geçirildi

Sentýabr 30, 2025 | 19:40 |7803
Brifinge daşary ýurt Ilçihanalaryň, halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de Özbegistan Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.Brifinge daşary ýurt Ilçihanalaryň, halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de Özbegistan Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy

2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna, Halk Maslahatynyň nobatdaky geçirilen mejlisiniň jemlerine hem-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanyp brifing geçirildi.

Brifinge daşary ýurt Ilçihanalaryň, halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de Özbegistan Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

В посольстве Туркменистана в Республике Узбекистан состоялся брифинг.jpg

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Şadurdy Meredow, BMG-niň Özbegistan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sabine Mahl hem-de Merkezi Aziýa Halkara institutynyň direktory Žawlon Wahabow çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitleri, Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatsöýüjülikli Bitaraplyk syýasatynynyň çäklerinde öňe süren halkara başlangyçlary, Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan edilen netijeli teklipler hem-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri barada beýan edildi.

В посольстве Туркменистана в Республике Узбекистан состоялся брифинг.jpg

Hususan-da, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow öz çykyşynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň taryhy ähmiýeti hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy şeýle hem parahatçylygy pugtalandyrmak syýasatynyň ähmiýeti dogrusynda belledi.

В посольстве Туркменистана в Республике Узбекистан состоялся брифинг.jpg

Mundan başga-da BMG-niň Özbegistan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sabine Mahl “Awaza” syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi hem-de Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň aýratyn uly ähmiýetiniň bardygyny beýan etdi. Şeýle hem hanym Sabine Mahl türkmen tarapyna halkara giňişliginde alyp barýan işjeň hyzmatdaşlygy üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Şeýle-hem Merkezi Aziýa Halkara institutynyň direktory Žawlon Wahabow soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda ol iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde türkmen-özbek dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini arzuw etdi.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026