HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Astanada geçirilen maslahatda ýaşlaryň iş üpjünçiligi boýunça tejribe alyşdy

Sentýabr 27, 2025 | 13:30 |8447
24–26-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada (Gazagystan) geçirilen ýaşlaryň iş üpjünçiligi we başarnyklary ösdürmek boýunça halkara maslahatyna gatnaşdy24–26-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada (Gazagystan) geçirilen ýaşlaryň iş üpjünçiligi we başarnyklary ösdürmek boýunça halkara maslahatyna gatnaşdy
Çeşme: education.gov.tm

24–26-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada (Gazagystan) geçirilen ýaşlaryň iş üpjünçiligi we başarnyklary ösdürmek boýunça halkara maslahatyna gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümine bilim, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri girdiler.

Halkara forumyna Merkezi Aziýadan, Ýewropa Bileleşiginden we Günbatar Balkanlardan hökümet edaralarynyň wekilleri, hünärmenler we tejribeli ýolbaşçylar gatnaşdy. Esasy tema ýaşlaryň iş üpjünçiligi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we ýaş hünärmenleri iş bazarynda goldamak üçin innowasion çözgütleri ornaşdyrmak boldy.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda türkmen wekiliýeti öz esasy ileri tutýan ugurlaryny hödürledi. Kär-hünär okuwyny ösdürmegiň, halypaçylyk maksatnamalarynyň giňeldilmeginiň hem-de bilim bilen iş bazarynyň hakyky wagt tertibinde alnyp barylýan seljerme ulgamy bilen has-da berk baglanyşdyrylmagynyň möhümdigi nygtaldy.

Wekiller aýratyn ünsüniň dua­l okuw formatlarynyň giňeldilmegine, önümçilik tejribesiniň möçberiniň artdyrylmagyna, şeýle-de ýaşlaryň häzirki zaman iş bazaryna üstünlikli uýgunlaşmagy üçin mugallymlaryň «ýaşyl» we sanly ugurlara taýýarlygyny güýçlendirmäge gönükdirilendigini bellediler.

Türkmenistanyň bu maslahata gatnaşmagy sebitleýin hyzmatdaşlygy we adam maýasyny ösdürmek boýunça tejribe alyşmagyň möhüm ädimine öwrüldi. Forumyň maksady ýaş hünärmenleriň milli ykdysadyýetiň isleglerine laýyklykda okuwdan işe netijeli geçmegine ýardam bermekden ybaratdyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026