HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň netijelerine bagyşlanyp brifing geçirildi

Sentýabr 25, 2025 | 19:20 |7008
Oňa Ilçihananyň işgärleri, Täjigistanda kowum bolup ýaşaýan türkmenleriň we intelligensiýanyň wekilleri, şeýle hem Täjigistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.Oňa Ilçihananyň işgärleri, Täjigistanda kowum bolup ýaşaýan türkmenleriň we intelligensiýanyň wekilleri, şeýle hem Täjigistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy

2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Milli Liderimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyz Aşgabatda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Oňa Ilçihananyň işgärleri, Täjigistanda kowum bolup ýaşaýan türkmenleriň we intelligensiýanyň wekilleri, şeýle hem Täjigistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda çykyş edenler, Halk Maslahatynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň möhüm meseleleriniň, ilatymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ykdysady ösüşi pugtalandyrmak, Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny ýokary derejede belläp geçmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellediler.

Посольство Туркменистана в Республике Таджикистан.jpg

Çykyşlarda oba hojalygynda, ulag-aragatnaşykda, senagat pudagynda we durmuş-medeni ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler barada aýratyn durlup geçirldi. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň, Bitaraplygyň we dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Brifinge gatnaşanlar Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň bagtyýar geljegi üçin möhüm çözgütleriň kabul edilendigini, olaryň ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, döwletimiziň halkara abraýynyň pugtalanmagyna hyzmat edjekdigini aýratyn bellediler.

Ilçihanada önümçilik tejribeliklerini geçýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl talyplary Ayjahan Gulhanowa we Aýşat Aşyrowa dagylar öz çykyşlarynda Türkmenistanda ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, sagdyn ruhda terbiýelemek barada aladalar edilýändigini, sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmäge, ýaşlaryň ahlak we durmuş taýdan ösüşiniň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtadylar.

Посольство Туркменистана в Республике Таджикистан.jpg

Şeýle hem çykyşlarda, Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ABŞ-na iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşmak we çykyş etmek bilen ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary, hoşniýetli bitaraplyk ýörelgesi barada bellänleri dogrusynda hem pikir alyşmalar boldy.

Bu taryhy çykyşyň diňe bir Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, halkara hukugyň esas goýujy ýörelgelerine ygrarlydygyny subut eden waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşmaga hem taýýardygyny aýdyň görkezen möhüm waka bolandygyny bellediler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

18:00 Iýun 24, 2026
Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

17:00 Iýun 24, 2026
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026