HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türk Howa Ýollary 2025-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy diýlip yglan edildi

Sentýabr 23, 2025 | 10:50 |32263
Türk Howa Ýollary (THY) 2025-nji ýylda SKYTRAX World Airline Awards-nyň netijesine görä «Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy» diýen ugurda birinji ýeri eýeledi.Türk Howa Ýollary (THY) 2025-nji ýylda SKYTRAX World Airline Awards-nyň netijesine görä «Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy» diýen ugurda birinji ýeri eýeledi.
Çeşme: turkishairlines.com

Türk Howa Ýollary (THY) 2025-nji ýylda SKYTRAX World Airline Awards-nyň netijesine görä «Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy» diýen ugurda birinji ýeri eýeledi.

Çap edilen reýtingiň maglumatlaryna görä, THY fransiýaly Air France, britaniýaly British Airways we nemes Lufthansa ýaly öňdebaryjy kompaniýalardan öňe geçdi. THY-niň baş direktory Bilal Ekşi bolsa bu waka barada sosial ulgamlarda şeýle ýazgy galdyrdy: «Biz Ýewropanyň çempionlary. Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy — Türk Howa Ýollarydyr».

1

Milli howa daşaýyjynyň üstünlikleri bilen bilelikde Türkiýäniň awiasiýa pudagyndaky ornunyň hem güýçlenendigi bellenilýär. Ýewropanyň Aerognawigasiýa Howpsuzlyk Guramasynyň (EUROCONTROL) maglumatlaryna görä, ýurt gündelik ortaça 4 200 gatnaw bilen Ýewropada howa hereketiniň möçberi boýunça altynjy orny eýeleýär.

Aýratyn ünsi Stambul Howa menzili özüne çekýär. Ol gündelik ortaça 1 624 gatnaw bilen Ýewropada iň köp gatnaw amala aşyrylýan we dünýäde bäşinji iň işjeň howa menziline öwrüldi. Mundan başga-da, Antaliýanyň Howa menzili hem yklymyň iň iri on howa menziliniň sanawyna girip, gündelik 1 024 gatnaw bilen dokuzynjy orny eýeledi.

SKYTRAX World Airline Awards baýragy her ýyl geçirilýär we raýat awiasiýasy ulgamyndaky iň abraýly baýraklaryň biri hasaplanýar. Reýtingler dünýäniň dürli künjeginden millionlarça ýolagçynyň hyzmat derejesine, rahatlyk derejesine we hyzmatyň hiline baha bermek bilen teswirleriniň esasynda düzülýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 08, 2026
Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

20:00 Oktýabr 08, 2026
Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

18:00 Oktýabr 08, 2026