HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

DelivioTM mümkinçiliklerini giňeldýär: onlaýn tölegler indi Türkmenistanda

Sentýabr 21, 2025 | 14:00 |7051
Iýmit eltip bermek hyzmaty DelivioTM täze funksiýany ornaşdyrmak bilen sanlylaşdyrmaga tarap möhüm ädim ätýär: sargytlary bank kartlary arkaly onlaýn tölemek mümkinçiligiIýmit eltip bermek hyzmaty DelivioTM täze funksiýany ornaşdyrmak bilen sanlylaşdyrmaga tarap möhüm ädim ätýär: sargytlary bank kartlary arkaly onlaýn tölemek mümkinçiligi
Çeşme: DelivioTM

Iýmit eltip bermek hyzmaty DelivioTM täze funksiýany ornaşdyrmak bilen sanlylaşdyrmaga tarap möhüm ädim ätýär: sargytlary bank kartlary arkaly onlaýn tölemek mümkinçiligi. Bu täzelik ulanyjylar üçin amatlylygyny täze derejä çykarmagy, töleg prosesini tiz, ygtybarly we iň ýönekeý görnüşe getirmegi maksat edinýär.

DelivioTM platformasy indi giňeldilen mümkinçilikleri hödürleýär. Müşderiler sargytlaryny göni goşundy arkaly töläp bilýärler. Ilkinji tapgyrda ulgama Altyn Asyr töleg ulgamynyň kartlary, şol sanda Rysgal bank, Halkbank we Türkmenistan bank birikdirildi. Ýakyn wagtda Senagat banky we Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky bilen integrasiýa edilmegine garaşylýar, bu bolsa ulanyjylaryň mümkinçiliklerini has-da giňelder.

Onlaýn tölegleriň ornaşdyrylmagy, döwrebap elektron hyzmatlary ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň milli sanlylaşdyrmak maksatnamasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ädim ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sanly transformasiýasyna hem-de raýatlar üçin amatly sanly infrastruktura döretmek boýunça döwletiň strategik ugruny görkezýär.

DelivioTM, onlaýn tölegiň diňe bir amatlylyk goşman, eýsem eltip bermek ulgamynda täze düzgüne öwrüljekdigine, döwrebaplygyň we sanly tehnologiýalara ynamyň nyşany boljakdygyna ynanýar. Hyzmat ulanyjylara diňe tagamy, tizligi we rahatlygy däl, eýsem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, ýurdumyzyň sanly strategiýasyna goşant goşýan tehnologik hyzmatlary hem hödürläp, ösüşini dowam etdirýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026