HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Duşenbede geçirilýän halkara sergide öz hyzmatlaryny hödürleýär

Sentýabr 20, 2025 | 10:45 |7245
Serginiň gatnaşyjylarynyň arasynda Eşretli Syýahat, Hazar Ugry, Aşgabat Syýahat, Jahankeşde we Halkara Syýahat ýaly türkmen kompaniýalary bar.Serginiň gatnaşyjylarynyň arasynda Eşretli Syýahat, Hazar Ugry, Aşgabat Syýahat, Jahankeşde we Halkara Syýahat ýaly türkmen kompaniýalary bar.
Çeşme: orient.tm

18-nji sentýabrda Täjigistandaky Dushanbe Expo sergi merkezinde üç günläp dowam etjek DITE-2025 Halkara syýahatçylyk sergisi açyldy. Çäre öňüsyrasyndaky Halkara syýahatçylyga maýa goýumlary çekmek boýunça forumyň çäklerinde geçirilýär.

Serginiň gatnaşyjylarynyň arasynda Eşretli Syýahat, Hazar Ugry, Aşgabat Syýahat, Jahankeşde we Halkara Syýahat ýaly türkmen kompaniýalary bar. Olar Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini, baý medeni mirasyny bilen tanyşdyryp, syýahatçylara täze ugurlary we hyzmatlary hödürleýärler.

Туркменские туркомпании.jpg

Bu ýyl DITE-2025 dünýäniň 20 ýurdundan, şol sanda Täjigistandan we Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerinden, Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Russiýadan, Türkiýeden, BAE-den, Saud Arabystanyndan, ABŞ-dan, Eýrandan, Pakistandan, Bahreýnden, Ýemenden, Siriýadan we Marokkodan 200 töweregi kompaniýany jemledi. Gatnaşyjylaryň arasynda syýahatçylyk agentlikleri, awiakompaniýalar, myhmanhana toplumlary, sagaldyş merkezleri, sowgatlyk önümleri öndürijileri bar.

Туркменские туркомпании.jpg

Sergi syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, tejribe alyşmak we täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm platforma bolup hyzmat edýär. Türkmen kompaniýalary üçin şeýle foruma gatnaşmak milli syýahatçylyk önümini öňe sürmekde we daşary ýurt bazarlarynda orny giňeltmekde goşmaça mümkinçilikleri açýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026