HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türk howa ýollary gatnaw ulgamyna Sewilýa şäherini goşdy

Sentýabr 17, 2025 | 17:30 |7056
17-nji sentýabrda, «Turkish Airlines» awiakompaniýasy täze ugur boýunça — Stambuldan Sewilýa şäherine we yzyna — yzygiderli gatnawlary amala aşyrmaga başlady17-nji sentýabrda, «Turkish Airlines» awiakompaniýasy täze ugur boýunça — Stambuldan Sewilýa şäherine we yzyna — yzygiderli gatnawlary amala aşyrmaga başlady
Çeşme: turkishairlines.com

Şu gün, 17-nji sentýabrda, «Turkish Airlines» awiakompaniýasy täze ugur boýunça — Stambuldan Sewilýa şäherine we yzyna — yzygiderli gatnawlary amala aşyrmaga başlady.

Uçuşlar hepdede ýedi gezek ýerine ýetiriler we bu Türkiýe bilen Ispaniýanyň iň iri şäherleriniň biriniň arasynda amatly aragatnaşygy üpjün eder.

Tertibe görä, uçuşlar Stambuldan irden we günortan, Sewilýa şäherinden bolsa günortandan soň we agşam amala aşyrylar:

Uçuş TK 1297: Stambuldan uçuş 06:55-de, Sewilýa 10:45-de gonýar (duşenbe, çarşenbe, şenbe).

Uçuş TK 1298: Sewilýadan uçuş 11:45-de, Stambula 17:15-de gonýar (duşenbe, çarşenbe, şenbe).

Uçuş TK 1299: Stambuldan uçuş 13:50-de, Sewilýa 17:40-da gonýar (sişenbe, penşenbe, anna, ýekşenbe).

Uçuş TK 1300: Sewilýadan uçuş 18:40-da, Stambula 15:35-de gonýar (sişenbe, penşenbe, anna, ýekşenbe).

Täze ugruň açylmagy Türkiýäniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Ispaniýada amatly syýahat etmäge, şeýle hem syýahatçylyk we iş saparlary üçin täze mümkinçilikleri döretmäge ýardam eder.

«Türk howa ýollary» awiakassasyndan biletleri aşakdaky salgy boýunça satyn alyp bolýar:

G. Kuliýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy.

Elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com

Awiakompaniýanyň saýty: https://www.turkishairlines.com/

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026
Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçilik ulgamyndaky tikinçilik kärhanalarynyň boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmegi dowam etdirýärler

Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçilik ulgamyndaky tikinçilik kärhanalarynyň boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmegi dowam etdirýärler

15:05 Noýabr 02, 2026