HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde maslahat geçirildi

Sentýabr 16, 2025 | 11:33 |6138
Şu günler, eziz Diýarymyzda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna uly şowhun we agzybirlik bilen taýýarlyk görülýär.Şu günler, eziz Diýarymyzda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna uly şowhun we agzybirlik bilen taýýarlyk görülýär.
Çeşme: orient.tm

Şu günler, eziz Diýarymyzda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna uly şowhun we agzybirlik bilen taýýarlyk görülýär.

Şeýle hem, ýurdumyzyň çar künjeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar, Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny barada geçirilýän maslahatlar we söhbetdeşlikler uly ruhybelentlige beslenýär.

Министерство связи Туркменистана.jpg

Şeýle maslahatlaryň biri hem, 15-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň guramagynda geçirildi.

Maslahata gatnaşýan myhmanlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny barada, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, Watan ähmiýetli işlerine öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Министерство связи Туркменистана.jpg

«Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda, innowasiýaly ykdysady ösüşiň iň öňdebaryjy ugurlaryna has giň orun berýän ýurdumyz täze sanly ösüşleriň we halkara hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülýär. Il bähbitli, ýurt ähmiýetli köpugurly, beýik işlere badalga bermekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny uludyr» diýip, aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Şeýle hem, maslahatda uly dabaralara beslenip gelýän şanly Garaşsyzlyk baýramyna türkmen halkynyň zähmet üstünlikleri bilen barýandygy bellenildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026