HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýanyň Adalatçylary çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşýarlar

Sentýabr 15, 2025 | 00:05 |7268
Merkezi Aziýanyň Çaganyň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleri şol sanda Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa dagylar çagalaryň hukuklaryny goramagyň umumy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşkent şäherine ýygnandylarMerkezi Aziýanyň Çaganyň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleri şol sanda Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa dagylar çagalaryň hukuklaryny goramagyň umumy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşkent şäherine ýygnandylar
Çeşme: ombudsman.gov.tm

Merkezi Aziýanyň Çaganyň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleri şol sanda Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa dagylar çagalaryň hukuklaryny goramagyň umumy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşkent şäherine ýygnandylar. 11-12-nji sentýabrda geçirilen halkara forum hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we çagalaryň hukuklary bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde umumy çemeleşmeleri ösdürmäge gönükdirilen sebitleýin ulgamy döretmek üçin esasy meýdança boldy. Forum Merkezi Aziýada çagalaryň hukuklaryna bagyşlanan ilkinji maslahat boldy.

ombudsman-turkmenistana-forum-zashchita-detey-tashkent (4).jpg

Forumyň gün tertibine sebitde aýratyn ähmiýete eýe bolan çagalaryň sanly giňişlikde howpsuzlygyny üpjün etmek, zorlugyň ähli görnüşleriniň öňüni almak we çagalaryň adalatlyga elýeterliligini üpjün etmek ýaly meseleler girizildi.

Foruma şeýle hem Norwegiýanyň, Horwatiýanyň we häzirki wagtda Ýewropanyň çagalar hukugy boýunça ombudsmenleri ulgamyna başlyklyk edýän Finlýandiýanyň ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar.

ombudsman-turkmenistana-forum-zashchita-detey-tashkent (7).jpg

Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa öz çykyşynda çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça ýurduň tejribesini paýlaşdy we döwlet maksatnamalarynyň üstünliklerini we Adam hukuklary boýunça ygtyýarlynyň orny barada belledi. Foruma Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça departamentiniň wekili hem gatnaşdy.

ombudsman-turkmenistana-forum-zashchita-detey-tashkent (1).jpg

Duşuşygyň jemleri boýunça bu ugurda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada Jarnama kabul edildi. Foruma gatnaşyjylar täze meýdançanyň çäginde özara gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Maslahatyň çäginde Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Kamalowna Narbaýewa hem-de Adam hukuklary boýunça Milli merkeziniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi.

ombudsman-turkmenistana-forum-zashchita-detey-tashkent (5).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026