HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Koreýanyň ilçihanasy türkmenistanlylar üçin talyp hakly maksatnamasyny yglan etdi

Sentýabr 15, 2025 | 19:05 |8526
Bu maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň raýatlary üçin ilçihana arkaly bakalawriat maksatnamasyna iki orun berilýär.Bu maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň raýatlary üçin ilçihana arkaly bakalawriat maksatnamasyna iki orun berilýär.
Çeşme: ulysmedia.kz

Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara Bilim Instituty ýokary bilim almak üçin döwlet talyp hakly maksatnamasyna (GKS) arzalaryň kabul edilip başlanandygyny mälim etdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň raýatlary üçin ilçihana arkaly bakalawriat maksatnamasyna iki orun berilýär. Bu barada Koreýanyň ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda habar berildi.

Dalaşgärler üçin esasy maglumatlar

Orunlar: Iki orun berilýär: biri esasy GKS maksatnamasy boýunça, beýlekisi sebit R-GKS maksatnamasy boýunça.

Resminamalary tabşyrmak möhleti: Resminamalar diňe onlaýn görnüşde 2025-nji ýylyň 15–30-njy sentýabry aralygynda (Koreýa wagty boýunça, GMT+9) resmi web sahypada kabul edilýär: www.studyinkorea.go.kr.

Saýlap almak tapgyrlary: Saýlap almak iki tapgyrdan ybarat. Birinji tapgyryň netijeleri 10-njy oktýabrdan soň yglan ediler, şondan soň saýlanan dalaşgärler bilen aýratyn söhbetdeşlik geçiriler.

Wajyp maglumat

Gelejekki gatnaşyjylara maksatnamanyň resmi gollanmasyny we resmi web sahypadaky ýygy-ýygydan berilýän soraglar bölümini öňünden ünsli öwrenmek maslahat berilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026