HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabadyň merkezinde döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähi açyldy

Sentýabr 14, 2025 | 00:05 |63769
13-nji sentýabrda Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllyg”» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy13-nji sentýabrda Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllyg”» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
Çeşme: orient.tm

13-nji sentýabrda Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllyg”» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we çagalar gatnaşdylar.

Andalip, Galkynyş we Görogly köçelerniň arasynda ýerleşýän seýilgäh dynç alyş we sport üçin täzelenen ýere öwrüldi: oýun meýdançalary döwrebaplaşdyryldy, welosiped üçin ýodalar çekildi, satuw nokatlary enjamlaşdyryldy, yşyklandyryş ulgamlary we beýleki infrastruktura çalşyldy, bu dürli ýaşdaky şäher ýaşaýjylary üçin amatly şertleri döredýär.

Açylyş dabarasyna konsert we teatr maksatnamalary: Çagalaryň skripka toparynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň we aýratynam körpeje myhmanlaryň göwnünden turan ertekileriň gahrymanlaryň çykyşlary girizildi.

Şäherdäki seýilgäh meýdançalarynyň ösdürilmegi diňe bir çagalaryň, ýaşlaryň we ýaş uly nesilleriň dynç almagy üçin mümkinçilikler döretmän, eýsem medeni giňişlikleri hem döredýär: seýilgähler dabaralaryň, konsertleriň we köpçülikleýin çäreleriň geçiriljek ýerine öwrülýär, ýaşaýjylaryň arasynda jemgyýetçilik duýgusyny berkitýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026