HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi

Sentýabr 13, 2025 | 23:40 |6021
13-nji sentýabrda, şenbe güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi13-nji sentýabrda, şenbe güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi
Çeşme: orient.tm

13-nji sentýabrda, şenbe güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Foruma daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de ýurduň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylaryna iberen Gutlagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu duşuşygyň simwoliki ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary berkitmekde hem-de bitaraplyk we ynsanperwer ýörelgelerini halkara giňişliginde wagyz etmekde möhüm orny eýeleýär.

Birleşik 27 sany daşary ýurtdaky şahamçalary birleşdirýär. Olar medeni çäreleri we ynsanperwer başlangyçlary gurnaýarlar. Şeýlelik bilen, 2025-nji ýylda BAE-de “Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” atly maslahat geçirildi we Owganystandaky Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýeti dostluk çäresini geçirdi.

13092025-ashgabat-konferenciya-gatm (2).jpg

Aşgabatda geçirlen mejlisiň dowamynda wekiliýetler guramanyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary goldamak, milli mirasy wagyz etmek we kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň arasyndaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň jemleri boýunça Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň birnäçe işjeň agzasyna hormatly hatlary gowşuryldy.


Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi Türkmenistanyň içerki syýatyny bilen onuň halkara abraýyny baglanyşdyrýan diplomatiýanyň “ýumşak kanaly” hökmünde çykyş edýär. Medeni çäreler we kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen işlemek arkaly döwlet bitaraplyk, ynsanperwerlik we parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylyk gymmatlyklaryny ýaýradýar we daşary ýurtlarda ýurduň oňyn keşbini emele getirýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026