HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDU-da ylymda we bilimde gazanylan üstünlikler bellendi

Sentýabr 12, 2025 | 09:00 |5214
Awgust aýynyň 10-nda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylym – ýurdumyz­­yň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň esasydyr» atly dabaraly çäre geçirildiAwgust aýynyň 10-nda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylym – ýurdumyz­­yň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň esasydyr» atly dabaraly çäre geçirildi
Çeşme: tdu.edu.tm

Awgust aýynyň 10-nda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylym – ýurdumyz­­yň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň esasydyr» atly dabaraly çäre geçirildi. Bu baýramçylyk Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlandy.

1

Çäräniň dowamynda uniwersitetiň Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň Milli reýtinginde gazanan ýokary netijeleri bellenildi. Gazanylan üstünlikler üçin Türkmenistanyň Bilim ministriniň Hormat hatlary bilen sylaglananlar:

• Matematika fakulteti

• Nazary we eksperimental fizika kafedrasy

• Matematiki derňew kafedrasy

• N. Gurbanmämmedow – kafedra müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty

• A. Amanmädova – nazary we ekperimental fizika kafedrasynyň mugallymy

• M. Aşyralyýewa – amaly matematika we informatika kafedrasynyň uly mugallymy.

2

Mundan başga-da, «Ýylyň talyby–2025» bäsleşiginde birinji orny eýelän talyp S.Saryýew Hormat haty bilen sylaglanyldy. Şeýle hem hukuk fakultetiniň mugallymlaryna we talyplaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy.

3

Dabaranyň ahyrynda «Bagtyýarlyk owazlary» toparynyň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk konserti guraldy, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döredijilik işleri hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanan taslamalar görkezilen sergi açyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026