HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşkentda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Sentýabr 11, 2025 | 21:50 |7137
Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Asilbek Hudaýarowyň arasynda duşuşyk geçirildiDaşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Asilbek Hudaýarowyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Asilbek Hudaýarowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar saglygy goraýyş, farmasewtika, lukmançylyk bilimi, we tejribe alyşmak ugrundaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alnyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýeti Arkadag şäherinde iri lukmançylyk klasteriniň döredilişi we bu klasteriň derman serişdelerini işläp taýýarlamak, dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça alyp barýan ylmy-barlag işleri barada maglumatlary berdi. “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň Türkmenistanyň Döwlet sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan sertifikatlaşdyrylandygy aýratyn nygtaldy.

11092025-tashkent-prezentaciya-medicinskogo-klastera-arkadag (1).jpg

Saparyň dowamynda W.Wahidow adyndaky hirurgiýa boýunça Özbegistan Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ylmy-amaly lukmançylyk merkeziniň binasynda iri lukmançylyk klasteriniň taslamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä Özbegistanyň lukmançylyk merkezleriniň ýolbaşçylary we işewürler topary gatnaşdy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Arkadag şäherinde döredilýän lukmançylyk klasteri öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanyp, ylmy-barlag işlerini geçirmek, tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, enjamlaryny öndürmek we hünärmenleri taýýarlamak üçin innowasion meýdança bolar.

11092025-tashkent-prezentaciya-medicinskogo-klastera-arkadag (3).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 08, 2026
Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

20:00 Oktýabr 08, 2026
Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

18:00 Oktýabr 08, 2026