HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ahal welaýatynda täze Döwletli mekan obasy dabaraly ýagdaýda açyldy

Sentýabr 10, 2025 | 03:15 |7558
9-nji sentýabrda Ahal welaýatynda täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Uly göwrümli döwlet maksatnamalarynyň çäginde durmuşa geçirilen bu taslama ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy9-nji sentýabrda Ahal welaýatynda täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Uly göwrümli döwlet maksatnamalarynyň çäginde durmuşa geçirilen bu taslama ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy
Çeşme: telecom.tm/ronlinetv

9-nji sentýabrda Ahal welaýatynda täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Uly göwrümli döwlet maksatnamalarynyň çäginde durmuşa geçirilen bu taslama ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Mejlisiniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, etrabyň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy okaldy.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde gurlan täze oba ösen infrastrukturlar bilen doly hukukly täze ilatly ýerdir. Onuň çäginde: häzirki zaman dizaýny we ähli amatlyklary bolan 400 ýaşaýyş jaýy; dermanhana bilen saglyk öýi, multimediýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan 640 orunlyk orta mekdebi; oýun meýdançalary bolan 320 orunlyk çagalar bagy; ýaşaýjylary zerur harytlar bilen üpjün etmek üçin söwda merkezi; geňeşligiň edara binasy ýerleşýär.

Gurluşyga toplumlaýyn çemeleşmä häzirki zaman döwrebap ýol-ulag, aragatnaşyk, suw, elektrik, gaz üpjünçilik ulgamlaryny şeýle hem abadanlaşdyrylan seýilgäh meýdançalaryny öz içine alýar. Jaýlaryň dizaýny, milli däp-dessurlary we häzirki zaman çözgütlerini sazlaşdyryp, ýaşaýjylara rahatlygy üpjün edýär.

Açylyş dabarasy baýramçylyk çäreleri, şol sanda, däp-dessurlar we gelnalyjylar bilen ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa dabara aýratyn dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen sungat işgärleri Tbiliside geçirilen Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda gruzin aýdymlaryny ýerine ýetirdiler

Türkmen sungat işgärleri Tbiliside geçirilen Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda gruzin aýdymlaryny ýerine ýetirdiler

22:20 Iýul 17, 2026
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyklaryň bäşinji güni

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyklaryň bäşinji güni

20:30 Iýul 17, 2026
Yrak we Siriýa Ormuz bogazyndan aýlanyp geçýän Kirkuk–Baniýas nebit geçirijisini dikeltmegi meýilleşdirýärler

Yrak we Siriýa Ormuz bogazyndan aýlanyp geçýän Kirkuk–Baniýas nebit geçirijisini dikeltmegi meýilleşdirýärler

15:20 Iýul 17, 2026