HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-de Finlýandiýanyň ÝHHG-daky Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

Sentýabr 08, 2025 | 21:06 |7538
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 8-nji sentýabrda, duşenbe güni ministr Raşid Meredow bilen Finlýandiýanyň ÝHHG-daky Ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildiTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 8-nji sentýabrda, duşenbe güni ministr Raşid Meredow bilen Finlýandiýanyň ÝHHG-daky Ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 8-nji sentýabrda, duşenbe güni ministr Raşid Meredow bilen Finlýandiýanyň ÝHHG-daky Ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikler köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, dialogy pugtalandyrmak we bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak meselelerine gönükdirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri hanym Hakala konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy üçin (ol 2021-2024-nji ýyllarda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili wezipesinde işledi) minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky üç möhüm ugurda netijeli özara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bular dialogy we syýasy ölçegdäki howpsuzlygy pugtalandyrmak, ykdysady we ekologik şeýle hem ynsanperwer ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek şol sanda adam hukuklary we hukugyň hökmürowanlygy pudagynda tejribe alyşmak.

08092025-turkmenistan-finlyandiya-mid-obse (1).jpg

Helsinki jemleýji namasynyň 50 ýyllygy bellenilýän ýylynda ÝHHG-a başlyklyk Finlýandiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ugruna laýyk gelýändigi aýratyn nygtaldy. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde dialogy we ynamy ösdürmegi öz içine alýar.

Duşuşygyň dowamynda şeýle hem Türkmenistan üçin ileri tutulýan, energetikanyň ösdürilmegini, howpsuzlygy we ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026