HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat lýuks stilinde: täzelenen Paul & Shark butigi we köpbrendli aýakgap giňişligi açyldy

Sentýabr 09, 2025 | 11:47 |7322
Altyn Zaman Söwda Merkezinde ähli moda muşdaklary üçin ajaýyp waka boldy – täzelenen konsepsiýada işleýän Paul & Shark butiginiň we köpbrendli aýakgap giňişliginiň açylyşy geçirildiAltyn Zaman Söwda Merkezinde ähli moda muşdaklary üçin ajaýyp waka boldy – täzelenen konsepsiýada işleýän Paul & Shark butiginiň we köpbrendli aýakgap giňişliginiň açylyşy geçirildi
Çeşme: orient.tm

5-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Altyn Zaman» Söwda Merkezinde ähli moda muşdaklary üçin ajaýyp waka boldy – täzelenen konsepsiýada işleýän Paul & Shark butiginiň we köpbrendli aýakgap giňişliginiň açylyşy geçirildi. Bu ýerde Santoni, Barrett ýaly ajaýyp aýakgap markalarynyň hem-de nepis Marchesato saýawanlarynyň kolleksiýalary hödürlenen.

 Paul & Shark В Торговом Центре Altyn Zaman.jpg

Agşamyň myhmanlary täze Paul & Shark kolleksiýasyny ilkinji bolup görmäge hem-de häzirki zaman stilinde bezelen, amatlylygyň we nepis estetikanyň utgaşdyrylýan butigiň interýerini synlamaga mümkinçilik aldylar. Dabaranyň gurşawy ýakymly we dostlukly boldy: gatnaşyjylar moda tendensiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar, täze brendler bilen tanyşdylar we furşetden lezzet aldylar.

Paul & Shark В Торговом Центре Altyn Zaman.jpg

Açylyş dabarasy stil taýdan täzelikleri mynasyp bahalandyrýan myhmanlary jemläp, «Altyn Zaman» Söwda Merkeziniň paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna eksklýuziw brendleri hem-de üýtgeşik söwda tejribesini hödürleýändigini ýene-de bir gezek görkezdi. Täze köpbrendli butik bolsa, lýuks aýakgaplarynyň we aksessuarlaryň görkezilýän, nepislik we kaşaňlyk gurşawyny döredýän giňişlik boldy.

Santoni Barrett В Торговом Центре Altyn Zaman.jpg

Guramaçylar butikleriň her gün myhmanlary garşylamaga taýýardygyny belläp, hemmeleri ylhamyň we kämil stiliň gurşawyny paýlaşmaga çagyrýarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026