HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rumyniýada geçirilen «KURULTAI» festiwalynyň sahnasynda türkmen kinosy görkezildi

Sentýabr 06, 2025 | 12:13 |6863
2025-nji ýylyň 5–7-nji sentýabry aralygynda Rumyniýanyň Tekirgöl şäherinde «KURULTAI» atly türki we tatar halklarynyň 10-njy Halkara autentik medeniýet festiwaly geçirildi2025-nji ýylyň 5–7-nji sentýabry aralygynda Rumyniýanyň Tekirgöl şäherinde «KURULTAI» atly türki we tatar halklarynyň 10-njy Halkara autentik medeniýet festiwaly geçirildi
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 5–7-nji sentýabry aralygynda Rumyniýanyň Tekirgöl şäherinde «KURULTAI» atly türki we tatar halklarynyň 10-njy Halkara autentik medeniýet festiwaly geçirildi. Çäre Rumyniýanyň ÝUNESKO işleri boýunça Milli toparynyň howandarlygynda hem-de ýurduň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen guraldy.

Bu ýylky festiwala türkmen wekiliýeti hem gatnaşyp, milli kino sungatynyň baý medeni mirasyny we häzirki zaman ugurlaryny şöhlelendirýän filmleri hödürledi. Maksatnama türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» atly filmi bilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitabyndaky liriki rowaýata esaslanýan režissýor Hekim Alowowyň «Gyzyl alma» atly çeper filmi girizildi. Soňky film türkmen halkynyň päk ýürekliligini we zähmetsöýerligini wasp edýän milli däp-dessurlary we gymmatlyklary beýan edýär.

Türkmen filmleriniň görkezilişi festiwalyň baý maksatnamasynyň bir bölegi boldy. Oňa sungat çykyşlary, sergiler, ussatlyk sapaklary we el hünäri işleriniň görkezilişi hem girizildi.

«KURULTAI» festiwalynyň açylyş dabarasy Tekirgöldäki Žan Konstantin adyndaky tomusky teatrynda boldy. Çärä dürli ýurtlaryň wekilleri, diplomatlar, resmi işgärler, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

19:00 Sentýabr 21, 2026
AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

17:00 Sentýabr 21, 2026
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026