HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandan Kabula ynsanperwerlik kömegi bardy

Sentýabr 06, 2025 | 03:00 |6991
Türkmenistanyň paýtagtynyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldyTürkmenistanyň paýtagtynyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň paýtagtynyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik kömegi Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan iberildi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň ýük uçary ýörite uçuşy amala aşyryp, anna güni Kabula dokma, azyk önümleri, egin-eşikler hem-de durmuşda zerur bolan beýleki önümleri eltdi.

Owganystanda ynsanperwerlik ýüküni kabul etmek çäresi ýakymly pursatlara beslendi. Oňa gatnaşyjylar yzygiderli kömek-goldaw berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Prezident Serdar Berdimuhamedowa alkyşlaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň berýän kömek-goldawlary, edýän hemaýaty hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyny şertlendirýär. Munuň özi iki goňşy ýurduň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigini alamatlandyrýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026