HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Italiýada “Armani” moda öýüniň esaslandyryjysy Jorjo Armani aradan çykdy

Sentýabr 06, 2025 | 08:19 |6175
Italiýada meşhur modelýer we telekeçi, “Armani” moda öýüniň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Jorjo Armani aradan çykdy.Italiýada meşhur modelýer we telekeçi, “Armani” moda öýüniň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Jorjo Armani aradan çykdy.
Çeşme: Caitlin Ochs/Reuters

Italiýada meşhur modelýer we telekeçi, “Armani” moda öýüniň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Jorjo Armani aradan çykdy. Onuň aradan çykandygy barada Armani Group kompaniýasy habar berdi.

«Çäksiz gynanç bilen Armani Group öz döredijisiniň, esaslandyryjysynyň we tükeniksiz öňe sürüji güýjüniň — Jorjo Armaniniň — aradan çykandygyny yglan edýär» - diýlip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar.

1

Beýanatda şeýle hem bellenilýär: «Bu gün biz bu maşgalany öňdengörüjilik bilen, höwes we yhlas bilen esaslandyran we ösdürip ýetişdiren adamyň ýoklugyny duýýarys. Emma hut onuň ruhunda biz, işgärler we maşgala agzalary, onuň döreden zatlaryny goramaga we onuň hatyrasyna kompaniýany ösdürmäge borçlanýarys».

Armani ömrüniň ahyryna çenli baş direktor hem-de döredijilik direktor wezipesini eýeläpdi. Öňki hepde italiýan metbugatyna beren soňky interwýusynda ol şeýle diýipdi: «Meniň iň uly gowşaklygym — ähli zady gözegçilik edýänligim».

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026