HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti halkara hyzmatdaşlygyny berkidýär

Sentýabr 06, 2025 | 09:00 |6999
Aşgabatda GDA ýurtlarynyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň federasiýasynyň hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň wekilleriniň duşuşygy tamamlandy.Aşgabatda GDA ýurtlarynyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň federasiýasynyň hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň wekilleriniň duşuşygy tamamlandy.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Aşgabatda GDA ýurtlarynyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň federasiýasynyň hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň wekilleriniň duşuşygy tamamlandy.

1

Duşuşykda Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti bilen Kataryň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti bilen Russiýanyň Gyzyl Haç jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnamalara gol çekildi. Bu resminamalar ynsanperwerlik we meýletinçiler hereketi ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

2

Kataryň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň wise-prezidenti Ebrahim Haşim Al-Sada Ähtnamanyň tejribe alyşmaga we Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döredýändigini belledi. Russiýanyň Gyzyl Haç jemgyýetiniň başlygy Pawel Sawçuk bolsa, adatdan daşary ýagdaýlara jogap bermekde Russiýanyň tejribesiniň türkmen kärdeşleri üçin peýdaly boljakdygyny, şol sanda mobil nokatlar we çadyrlarda işlemek boýunça okuwy öz içine alýandygyny aýtdy.

3

Iki günläp dowam eden duşuşyk «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – ynsanperwerlik we bitaraplyk» şygary astynda geçdi. Onda Milli jemgyýetleriň ösüşi, halkara ynsanperwerlik hukugy, meýletinçileriň çekilmegi we kanunçylyk bilen kadalaşdyryş meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäre Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlandy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 08, 2026
Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

20:00 Oktýabr 08, 2026
Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

18:00 Oktýabr 08, 2026