HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Owganystandaky ýer titremesinde ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi

Sentýabr 05, 2025 | 06:00 |6982
Türkmenistan güýçli ýer titremesinden ejir çeken Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi. Kömek Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugy esasynda iberilýärTürkmenistan güýçli ýer titremesinden ejir çeken Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi. Kömek Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugy esasynda iberilýär
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan güýçli ýer titremesinden ejir çeken Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi. Kömek Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugy esasynda iberilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan iberilýän ynsanperwerlik kömegi däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri öz içine alýar.


Tebigy betbagtçylygyň zyýany

31-nji awgustda Hindiguş daglarynda 6,2 bala deň bolan ýer titremesi hasaba alyndy. Ol Owganystanyň gündogaryndaky Asadabad şäheriniň 27 km günorta-günbatarynda bolup geçdi. Güýçli titremeler tutuş obalary weýran etdi, süýşmeler käbir ilatly ýerlere barýan ýollary petikledi we aragatnaşyk geçirijilerinde bökdençlik ýüze çykdy. Halas ediş işleri uzak daglyk ýerleriň kyn şertlerinde alnyp barylýar hem-de bu işlere ýörite desantçylar topary çekildi. Iň soňky maglumatlara görä, tebigy betbagtçylygyň netijesinde adam pidalarynyň sany 2,2 müňden geçdi we takmynan 3,6 müň owganly ýaralandy. 2-nji sentýabrda Hindiguş daglarynda 5.5 bala deň bolan ýer titremesi boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026