HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda täze okuw ýylynyň başy: geljekki diplomatlara — ak ýol!

Sentýabr 01, 2025 | 23:47 |7616
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Bilimler güni dabaraly ýagdaýda geçirildiTürkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Bilimler güni dabaraly ýagdaýda geçirildi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Bilimler güni dabaraly ýagdaýda geçirildi. Institutyň esasy meýdançasynda birinji ýyl talyplaryna akademiki durmuşlarynyň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan nyşanlyk açarlar we talyp şahadatnamalary gowşuryldy.

DIM-niň HGI-ne tötänleýin girilmeýär: birinji ýyl talyplarynyň arasynda milli we halkara olimpiadalarynyň, bäsleşikleriniň ýeňijileri, maksada okgunly zehinli ýaşlar bar. Hut şeýle talyplar geljekde diplomat, halkara žurnalist hem-de ykdysady we hukuk ugurlarynda ekspert bolýarlar.

imo-mid-turkmenistan-den-znaniy-2025 (11).jpg

Institutda okuw prosesi nazary taýýarlygyň hem-de amaly başarnyklaryň utgaşdyrylmagy arkaly alnyp barylýar. Mugallymlar — halkara arenasynda işjeň çykyş edýän tejribeli diplomatlar, žurnalistler we hünärmenlerdir. Talyplar daşary ýurt ilçileri we çagyrylan lektorlar bilen yzygiderli duşuşýarlar, dünýä syýasaty we halkara aragatnaşyklary barada döwrebap maglumat alýarlar, amaly taslamalara we gepleşikleriň simulýasiýalaryna gatnaşýarlar.

imo-mid-turkmenistan-den-znaniy-2025 (5).jpg

Institutda «Halkara gatnaşyklary», «Halkara hukugy», «Halkara ykdysadyýeti», «Syýasy kommunikasiýa we internet-žurnalistika», «Sanly diplomatiýa» we beýleki döwrüň talaplaryna laýyk bolan ugurlar boýunça bakalawrlar we magistrler taýýarlanýar. Şeýle çemeleşme ýokary derejeli taýýarlygy üpjün edýär we uçurymlara ýurdumyzyň döwlet edaralarynda hem-de halkara guramalarynda üstünlikli işläp bilmäge mümkinçilik berýär.

imo-mid-turkmenistan-den-znaniy-2025 (12).jpg

Institut halkara hyzmatdaşlygyny we ýaş hünärmenleriň amaly taýýarlygyny ösdürmegi dowam etdirýär: soňky ýyllarda ýüzlerçe talyp daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarda we halkara guramalarynda tejribe geçdiler. Okuw meýilnamasyndaky täze başlangyçlar talyplara ýurduň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmäge we onuň metbugat meýdanyny kemala getirmäge işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

imo-mid-turkmenistan-den-znaniy-2025 (13).jpg

Bilimler güni diňe bir täze okuw ýylynyň başlangyjy bolman, eýsem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýurdumyzyň halkara abraýyny berkitmäge hem-de daşary syýasat başlangyçlaryny ösdürmäge taýýar zehinli ýaşlary özüne çekýän merkez bolup galýandygyny hem görkezdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026