HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Awgust 31, 2025 | 23:32 |6451
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli gutlaglaryny iberdiTürkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi
Çeşme: MEDIA MULIA

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Malaýziýa bilen yzygiderli pugtalandyrylýan we täze mazmuna eýe bolýan dostlukly gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini belledi.

Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýup, adamlaryň arasynda, esasan hem, ylym-bilim babatda aragatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem üns berýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygyň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Premýer-ministr Anwar Ibrahime we Ýokary Baştutany Sultan Ibrahime berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Malaýziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.


Türkmenistan üçin Malaýziýa söwda-ykdysady, energetika we bilim ulgamy boýunça ileri tutulýan hyzmatdaş bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda ýangyç-energetika pudagy aýratyn orna eýedir. Muňa mysal edip, Petronas kompaniýasynyň Türkmenistanyň çäginde uglewodorod serişdelerini gazyp almak boýunça taslamalaryna gatnaşmagy, Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmegi we häzirki zaman tehnologiýalary babatda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy ýaly işler bar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026