Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde desgalaryň gurluşygynyň depgini bilen tanyşdy

Awgust 31, 2025 | 23:05 |7082
31-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky işleriň depgini bilen tanyşdy we hödürlenen şekil taslamalaryna birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi31-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky işleriň depgini bilen tanyşdy we hödürlenen şekil taslamalaryna birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi
Çeşme: orient.tm

31-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky işleriň depgini bilen tanyşdy we hödürlenen şekil taslamalaryna birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Häzirki döwürde “akylly” şäher infrastrukturasyny giňeltmek üçin bina edilýän täze desgalaryň gurluşygynyň depgini barha ýokarlanýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy önümçilik maksatly binalaryň taslamalaryna, ýol-ulag düzümine degişli desgalara aýaratyn üns berdi.

Bellikleri we degişli düzedişleri girizip, Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş, önümçilik maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine görä, aýratynlykda ýerleşdirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri binalaryň gurluşyklarynyň hil derejesine we ekologik ýagdaýyna, dürli maksatly binalarynyň gurluşygynda, bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň bu künjegiň toprak-howa şertlerine we halkara standartlaryna laýyk gelmeginine ünsi çekdi.

“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy tarapyndan öndürilýän önümlere, şol sanda çaga iýmitleriniň görnüşlerine aýratyn üns berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegi üçin ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çaltlandyrylmagyny şeýle hem gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini gözegçilikde saklamagy jogapkär adamlara tabşyrdy diýip, “Watan” habarlar gepleşinde habar berildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026