Türkmenistan we Hytaý çagalaryň bähbidine ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrýar


Ýakynda türkmen zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran sapary iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Üns merkezinde – ýaş nesliň gelejegi bilen bagly meseleler boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirdi.
Esasy duşuşyklaryň biri HHR-iň bilim ministri Huaý Szinpen bilen geçirilen söhbetdeşlik boldy. Taraplar inklýuziw bilimiň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar we mümkinçiligi çäkli çagalaryň ösüşi babatynda tejribelerini paýlaşdylar. Oguljahan Atabaýewa, Haýyr-sahawat gaznanyň bilim ulgamy boýunça alyp barýan işiniň gerimini giňeltmegi maksat edinýändigini we bu ugurda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolan Hytaýyň tejribesiniň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Hytaý tarapy hem mümkinçiligi çäkli çagalaryň jemgyýete goşulyşmagyna gönükdirilen usulyýetleri we maksatnamalary alyşmak meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.
Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ýaşlar merkezine baryp görmekleriniň çäklerinde türkmen wekiliýeti bilim we terbiýe bermegiň döwrebap usullary bilen tanyşdylar. Robot tehnika, programmirleme we 3D-modelirleme sapaklary, asman jisimlerini öwrenmek bölümi aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu, Hytaýyň çagalaryň ylym we tehnologiýa bolan gyzyklanmasyny nädip sazlaşdyrýandygyny we hemmetaraplaýyn ösdürýändigini görmäge mümkinçilik berdi.
HHR-iň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Zeng Ýisin bilen geçirilen duşuşyk hem netijeli häsiýete eýe boldy. Türkmen tarapy çagalarda onkologik we genetik keselleri bejermek şeýle hem lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirdi. Hytaýly kärdeşleri bolsa öz gezeginde HHR-iň öňdebaryjylary tehnologiýalaryny paýlaşmaga we bilelikde barlaglary geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Iki tarap hem çylşyrymly çaga keselleri bilen göreşmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň kesgitleýji ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi saparyň esasy pursady boldy. Bu resminama, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramaga we olaryň doly derejede ösmegi üçin şert döretmäge gönükdirilen bilelikdäki durmuş ugurly taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça umumy maksatlary berkitdi.
Ähtnama Oguljahan Atabaýewa bilen Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda gol çekildi. Şeýle hem saparyň dowamynda Şanhaý şäheriniň häkimi Gun Çžen we Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklar mähirli we dostlukly ýagdaýda geçirildi. Bu bolsa ynamyň ýokary derejesini tassyklady.
Bu sapar deňhukuklulyk we özara ýardam bermek ýörelgelerine esaslanýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Hytaýyň halklarynyň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklar üçin berk binýady döredýändiginiň aýdyň mysaly boldy.
ORIENT








