HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Awgust 30, 2025 | 10:00 |697
2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli “Arkadag Serdarly talyp ýaşlaryň ylym-bilim kuwwaty: ösüşiň hereketlendiriji güýji” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli “Arkadag Serdarly talyp ýaşlaryň ylym-bilim kuwwaty: ösüşiň hereketlendiriji güýji” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Çeşme: orient.tm

29-njy awgustda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli “Arkadag Serdarly talyp ýaşlaryň ylym-bilim kuwwaty: ösüşiň hereketlendiriji güýji” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden professor-mugallymlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary, şol sanda bilim ulgamynyň maksatnamalaýyn we toplumlaýyn esasda ösdürilýändigi, ýurdumyzda häzirki zaman orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň gurulyp ulanylmaga berilýändigi, sanly bilim ulgamynyň ösdürilýändigi, ylmyň iň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygy barada bellenildi.

Ylmy-amaly maslahaty geçirildi.jpg

Açylyş dabarasyndan soňra ylmy-amaly maslahat institutyň fakultetlerinde bölümlerde dowam etdi. Institutyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary öz ugurlary boýunça alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri barada çykyş etdiler.

Şeýle hem çykyşlarda halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhynda kemala gelen umumadamzat gymmatlyklarynyň – bilim we terbiýe bermegiň esasy hökmünde kabul edilip, oňa dünýäniň iň täze gazanan tejribelerini, öňdebaryjy usulyýetlerini ornaşdyrmak boýunça işler giňden ýaýbaňlandyrylýandygy, Hormatly Prezidentimiziň döredip beren döwrebap şertleri hem-de giň mümkinçilikleri mekdep okuwçylarymyzyň we talyp ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegine, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegine, täze bilimleri özleşdirmegine, halkara derejesindäki hünärleri öwrenmegine, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam berýändigi barada buýsanç bilen beýan edildi.

Ylmy-amaly maslahaty geçirildi.jpg

Maslahatyň dowamynda Gurluşyk pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljegi uly bolan ugurlarynyň biri bolmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli esasda yzygiderli ösdürilýändigi we döwrebaplaşdyrylyp, oňa goýulýan maýa goýumlarynyň möçberiniň artdyrylýandygy, şeýle-de ýurdumyzda gurlan we gurulýan köpsanly döwrebap ýaşaýyş we durmuş maksatly binalar, çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş merkezleri munuň aýdyň mysalydygy barada çykyşlarda giňişleýin beýan edildi.

Amanmyrat Arazow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026