HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Osakada Türkmenistanyň syýahatçylygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Awgust 29, 2025 | 14:30 |6639
Maslahatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi, hususy pudagyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekdäki orny we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Maslahatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi, hususy pudagyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekdäki orny we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Osakada, «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşine bagyşlanan «Türkmenistan — dostlugyň we myhmansöýerligiň ýurdy» atly halkara maslahaty geçirildi. Çäre gibrid görnüşinde geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi, hususy pudagyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekdäki orny we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. ЭКСПО-2025.jpg

Wideoaragatnaşyk arkaly gutlag sözi bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanow çykyş etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakyýewa, «Eşretli syýahat» hojalyk jemgyýetiniň direktory Sähra Amanowa we Türkmenistanyň hususy syýahatçylyk agentlikleriniň beýleki wekilleri öz çykyşlaryny etdiler.

ЭКСПО-2025.jpg

Daşary ýurtlardan gatnaşanlaryň arasynda All Seasons Travel Co. ýapon kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Kuniýosi Takada hem çykyş etdi. Çäräniň maksatnamasyna «Türkmenistan — dostlugyň we myhmansöýerligiň ýurdy» atly wideoşekiliň görkezilmegi we syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary girizildi.

Maslahata şeýle hem Ýaponiýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Olaryň arasynda Asia Trading Co.,Ltd, Saiyu Travel (Ýuko Masumoto), Silkroad Travel (Hisahiro Sasaka), şeýle-de World Air-Sea Service Co.Ltd kompaniýalary boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026