HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we ÝUNESKO sanly bilim hem-de emeli aň ulgamynyň ösdürilmegi barada maslahatlaşdylar

Awgust 28, 2025 | 14:00 |6745
28-nji awgustda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew bilen ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň direktory Tao Žanyň duşuşygy geçirildi28-nji awgustda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew bilen ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň direktory Tao Žanyň duşuşygy geçirildi
Çeşme: bilim.tm

28-nji awgustda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew bilen ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň direktory Tao Žanyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga ÝUNESKO-nyň geňeşçisi Tigran Ýepoýan hem-de emeli aň maksatnamasynyň hünärmeni Tatýana Murowana gatnaşdy. Bilim ministrligi tarapyndan bolsa degişli bölümleriň wekilleri çykyş edip, bilimiň döwrebaplaşdyrylmagyndaky milli ileri tutulýan ugurlary hödürlediler.

2

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman bilim tehnologiýalarynyň ösdürilmegi we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek nukdaýnazaryndan strategik ähmiýetini nygtadylar. Sanlylaşdyrma, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝUNESKO hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny hödürledi, olaryň arasynda: bilim infrastrukturasyny ösdürmek, mugallymlara emeli aň (AI) babatda endikleri öwretmek, bilim derejesini bahalandyrmakda AI-den peýdalanmak, yzygiderli bilim konsepsiýasyny öňe sürmek hem-de ýokary okuw mekdeplerinde akylly bot ulgamlaryny ornaşdyrmak. Şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek, ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegi boýunça taslamalara aýratyn üns berildi.

3

Gepleşikler ýokary ynanyşmak derejesini we hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan özara gyzyklanmany tassyklady. Taraplar Türkmenistanda öňdebaryjy sanly bilim gurşawyny döretmek we bilimiň hilini ýokarlandyrmak ugrunda işleşmek niýetlerini mälim etdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026