HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GPS-den 40 esse takyk täze nawigasiýa ulgamy döredildi

Awgust 25, 2025 | 17:45 |7816
Surreý uniwersitetiniň alymlary GPS ulanmaýan innowasion PEnG nawigasiýa ulgamyny işläp taýýarlady. Bu tehnologiýa emeli aň we kompýuter görüjiligine aýratynlygyna esaslanýarSurreý uniwersitetiniň alymlary GPS ulanmaýan innowasion PEnG nawigasiýa ulgamyny işläp taýýarlady. Bu tehnologiýa emeli aň we kompýuter görüjiligine aýratynlygyna esaslanýar
Çeşme: Freepik

Surreý uniwersitetiniň alymlary GPS ulanmaýan innowasion PEnG nawigasiýa ulgamyny işläp taýýarlady. Bu tehnologiýa emeli aň we kompýuter görüjiligine aýratynlygyna esaslanýar. Synaglaryň dowamynda ulgam ajaýyp takyklygy görkezdi: onuň ýalňyşlygy bary-ýogy 22 metre deň bolup, adaty hemra ulgamlaryndan 40 esse has gowudyr.

PEnG ulgamy aýratyn-da GPS signaly gowşak ýa-da ýok ýerlerde, meselem, tunnellerde, ýerasty awtoduralgalarda hem-de «şäher jülgeleri» diýilýän ýerlerde has netijeli işleýär. Ulgam ýerleşýän ýeri iki tapgyrda kesgitleýär: ilki bilen hemra we köçe suratlaryny seljerip takmynan ýerleşişi anyklaýar, soň bolsa adaty kamera maglumatlarynyň kömegi bilen ony has anyklaşdyryp, kamerany güýçli nawigasiýa gurallaryna öwürýär.

Işläp taýýarlaýjylar şeýle tehnologiýanyň awtonom ulaglaryň täze neslini ösdürmek üçin zerurdygyny belleýärler. Eger iş prototipiniň synaglary üstünlikli geçse, bu ulgamyň köpçülikleýin ornaşdyrylmagyna eýýäm 2027-nji ýylyň başynda garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026