HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda göni howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltmek meýilleşdirilýär

Awgust 25, 2025 | 12:55 |7562
Türkmenistanbilen Türkmenistan göni howa gatnawlaryny dikeltmek barada ylalaşyk gazandy.Türkmenistanbilen Türkmenistan göni howa gatnawlaryny dikeltmek barada ylalaşyk gazandy.
Çeşme: orient.tm

Özbegistan bilen Türkmenistan göni howa gatnawlaryny dikeltmek barada ylalaşyk gazandy. Bu barada «Özbegistan 24» teleýaýlymyna beren interwýusynda ulag ministri Ilhom Mahkamow habar berdi.

22-nji awgustda Türkmenistanda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Liderleriň gatnaşmagynda birnäçe resminama gol çekildi, şolaryň hatarynda raýat awiasiýasy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky beýannama hem bar. Bu resminama Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen «Türkmenhowaýollary» (Turkmenistan Airlines) döwlet gullugynyň başlygy Dowran Saburow tarapyndan gol çekildi.

Özbegistanyň ulag ministriniň sözlerine görä, bu resminama geljekde göni howa gatnawlaryny ýola goýmak üçin mümkinçilik döredýär. «Häzirki wagtda Türkmenistan bilen göni howa gatnawlary ýok. Şu gün biz resminama gol çekdik… ýakyn wagtda ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn howa gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligi peýda bolar» - diýip, Mahkamowyň sözlerini Gazeta.uz getirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026