HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Çagalaryň mümkinçiliklerini ösdürmek üçin "Kids Expo - hemme zat çagalar üçin" atly halkara sergisiniň ähmiýeti

Awgust 23, 2025 | 18:00 |7320
“Kids Expo – hemme zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy birnäçe wajyp ugry öz içine alýan köpugurly bölümler boýunça geçirilen çäreleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi“Kids Expo – hemme zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy birnäçe wajyp ugry öz içine alýan köpugurly bölümler boýunça geçirilen çäreleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistan döwletimizde ýaş neslimiziň hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. “Kids Expo – hemme zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy birnäçe wajyp ugry öz içine alýan köpugurly bölümler boýunça geçirilen çäreleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleri, dürli kärhanalarynyň 80-den gowragy özleriniň diwarlyklaryny gurnadylar.

1

Sergide türkmen we daşary ýurt kärhanalaryna innowasiýa ösüşlerini ýaýbaňlandyrmaga, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynyň hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara tejribe alyşmaklaryna, ussat pedagogik işgärlerden ata-enelere çaga terbiýesi we kitap okamagyň peýdasy barada maslahat almaga, çagalara bolsa bäsleşiklere we ussatlyk sapaklaryna gatnaşyp, öz ukypdyr başarnyklaryny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik boldy.

Bilim ministrliginiň diwarlyklary arkaly ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, sagdyn ösmegi we döredijilik ukypdyr başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin giň gerimli mümkinçilikleri tanyşdyryldy.

2

Sergide Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek üçin ulanylýan usulyýetler barada berlen maglumat, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Serginiň üçünji gününde çagalar üçin dürli ugurlar boýunça tälim beriji ussatlyk sapaklary, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä oýunlary dogry saýlap almak barada ata-enelere maslahat beriş sapaklary, kiçi ýaşly çagalaryň arasynda özboluşly bäsleşikler guraldy.

3

Umuman, döwlet we halkara ähmiýetli geçirilen bu sergi-ýarmarkanyň giň gerimli mümkinçilikleriniň netijesi 2025-2026-njy okuw ýylynda ösüşleriň täze belentliklerine ýetmäge ruhlandyrdy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Kids Expo – hemme zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi ýurdumyzda guralýan çäreleriň toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026