HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda «Kids Expo» sergi-ýarmarkasy açyldy: bilelikdäki döredijilige çagyryş

Awgust 21, 2025 | 11:45 |44361
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezi gülki we şatlyk höküm sürýän uly we ýagty dünýä öwrüldiŞu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezi gülki we şatlyk höküm sürýän uly we ýagty dünýä öwrüldi
Çeşme: orient.tm

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezi gülki we şatlyk höküm sürýän uly we ýagty dünýä öwrüldi. «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» Halkara sergi-ýarmarkasy ilkinji minutlardan myhmanlary hakykatdanam baýramçylyk gurşawyna alyp girdi.

ashhabad-vystavka-yarmarka-kids-expo-otkrytiye (2).jpg

Ýanyp duran gözleri bilen sergide ylgap ýören çagalaryň şowhuny, olaryň keşbini şatlyk bilen synlaýan ene-atalaryň ýylgyryşy — bularyň ählisi baýramçylykly pursatlarynyň kaleýdoskopyna (ajaýyp görnüşine) öwrüldi. Serginiň merkezinde bolsa — Türkmenistanyň iň ýokary gymmatlyklarynyň biri bagtyýar çagalykdyr. Bu barada serginiň açylyş dabarasynda okalan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda nygtaldy. Onda: «Çagalar — durmuşymyzyň owadan gülleri, olaryň şatlykly gülküsi bolsa ýurduň abadançylygynyň iň aýdyň şöhlelenmesidir» diýilýär.

ashhabad-vystavka-yarmarka-kids-expo-otkrytiye (3).jpg

Dabaranyň myhmanlarynyň arasynda hökümet wekilleri, diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bardy. Bu bolsa çäräniň ähmiýetini açyp görkezýär. Emma bu ýere toplananlaryň arasynda baş gahrymanlar elbetde, çagalaryň özleridir.

ashhabad-vystavka-yarmarka-kids-expo-otkrytiye (4).jpg

Serginiň giň zallary açylyş pursatyndan başlap şowhun bilen dolup gitdi: çagalar täze oýnawaçlary synlady, interaktiw oýunlara gatnaşdy, ene-atalar bolsa bilim we dynç alyş ulgamyndaky iň täze işläp taýýarlamalar bilen tanyşdylar.

ashhabad-vystavka-yarmarka-kids-expo-otkrytiye (6).jpg

Kämillik ýolundaky ýaş alymlar üçin ýörite döredilen ussatlyk sapaklarynda tejribeli mugallymlar olara ylymda we döredijilikde ilkinji ädimlerini ätmäge, täze başarnyklary ele almaga goldaw berdiler.

ashhabad-vystavka-yarmarka-kids-expo-otkrytiye (7).jpg

Üç günläp oglan-gyzlara dürli bäsleşikler, wiktorinalar, kwestler we başga-da gyzykly çäreler garaşýar.

ashhabad-vystavka-yarmarka-kids-expo-otkrytiye (8).jpg

«Kids Expo» sergisi diňe çagalar üçin harytlary satyn almak mümkinçiligi däl, eýsem bu pikir alyşmak, innowasiýalary görkezmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin giň meýdançadyr.

ashhabad-vystavka-yarmarka-kids-expo-otkrytiye (9).jpg

Iň esasy zat — bu çäre çagalaryň ýakymly täsirlerini baýlaşdyrýan, olaryň döredijilige, açyşlara we giň dünýämizi öwrenmäge ruhlandyrýan uly hem-de mähirli baýramçylykdyr.

ashhabad-vystavka-yarmarka-kids-expo-otkrytiye (11).jpg

ashhabad-vystavka-yarmarka-kids-expo-otkrytiye (13).jpg

ashhabad-vystavka-yarmarka-kids-expo-otkrytiye (14).jpg

ashhabad-vystavka-yarmarka-kids-expo-otkrytiye (18).jpg

ashhabad-vystavka-yarmarka-kids-expo-otkrytiye (15).jpg

Enejan KEPBANOWA

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026