HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Täjigistan parlamentara hyzmatdaşlygy barada maslahatlaşdy

Awgust 21, 2025 | 18:30 |5173
Şu gün Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi A.Goçmyradow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Majlisi namoýandagon Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşdy.Şu gün Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi A.Goçmyradow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Majlisi namoýandagon Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy

Şu gün Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi A.Goçmyradow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Majlisi namoýandagon Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösüşi barada maslahatlaşyp, onuň Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Emomali Rahmonyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary netijesinde yzygiderli giňelýändigini nygtadylar.

Taraplar “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Halkara maslahatynyň ähmiýetini bellediler. Bu maslahat ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm halkara meýdança öwrüldi. Türkmenistanyň tarapy, täjik parlamentarileriniň Parlament forumyna hem-de Maslahatyň işine işjeň we mazmunly gatnaşandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu bolsa parlamentara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has-da çuňlaşmagyna möhüm goşant boldy.

Parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň tejribe alyşmaga, sebitleýin we halkara meseleleri boýunça ylalaşylan garaýyşlaryň işlenip düzülmegine, şeýle hem halkara derejesinde birek-biregiň konstruktiw başlangyçlaryny goldamaga mümkinçilik berýändigi aýratyn nygtaldy.

Taraplar parlament gurallarynyň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işjeň tagallalary geljekde-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, şol sanda Parlamentara bileleşigiň we dostluk toparlarynyň işine gatnaşmak arkaly hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigini beýan etdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026