HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýly toty guşy Ginnessiň rekordlar kitabyna girizildi

Awgust 19, 2025 | 14:10 |6817
Hytaýyň Henan welaýatynda Sýaoguý lakamly toty guşy reňkleri tanamak boýunça dünýä rekordyny goýup, Ginnessiň rekordlar kitabyna girizildiHytaýyň Henan welaýatynda Sýaoguý lakamly toty guşy reňkleri tanamak boýunça dünýä rekordyny goýup, Ginnessiň rekordlar kitabyna girizildi
Çeşme: Kazinform

Hytaýyň Henan welaýatynda Sýaoguý lakamly toty guşy reňkleri tanamak boýunça dünýä rekordyny goýup, Ginnessiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada Guinness World Records-a salgylanyp, Kazinform habar berýär.

Synag üçin düşbije guşuň öňünde 10 plastik konteýner hem-de şol sanda degişli reňkdäki sypal topjagazlar ýerleşdirildi. Her bir topjagaz gerekli reňkdäki konteýnere salynmalydy.

Topjagazlaryň tertibi bilgeşleýin garyşdyrylyp, bu hem ýumuşy has-da kynlaşdyrdy. Muňa garamazdan, toty guşy usulyýet bilen çyzyk boýunça hereket edip, her bir topjagazy galdyryp, ony dogry konteýnere eltýärdi. Sýaoguýyň biri-birine ýakyn bolan gülgüne reňkleri tapawutlandyryp bilmegi aýratyn täsin boldy.

Netijede, özboluşly bu guşjagaz öz eýesi Sin Feniň ýolbaşçylygynda 10 dürli reňki tapawutlandyryp hem-de 33,50 sekundyň dowamynda reňkli topjagazlary dogry tertipde ýerleşdirip bildi.

Sin Fen toty guşa ilkinji gezek 2020-nji ýylda duşandygyny gürrüň berdi. Şol wagt ol entek guş çagasy bolup, elden iýmitlenmäge mätäçdi. Şol döwürden bäri olaryň arasynda berk aragatnaşyk döredi. Guşjagazyň oýnawaçlara, esasan hem, dürli reňkdäki topjagazlara bolan gyzyklanmasyny görüp, eýesi oňa reňkleri tanamagy we görnüşlere görä bölmegi öwredip başlady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026